Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky çykyşy
21.09.2023

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Gadyrly dostlar!

Sizi doganlyk Täjigistanyň topragynda, ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinde mübäreklemäge şatdyryn. Şu gün men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandym.

Taryhyň sahypalaryna nazar aýlasak, bu duşuşygyň binýadynyň ilkibaşda Aşgabatda goýlandygyny anyk aýdyp bilerin. Biz ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly umumy ýörelgelerimizden ugur alyp, bu teklibi ilkinji gezek Daşkentde beýan etdik. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy Gazagystanda geçdi. Soňra bu duşuşygy biz Özbegistanda geçirdik. Duşuşyklaryň gün tertibi barha giňedi, biz olara köp meseleleri girizdik. Üçünji duşuşygymyz bolsa Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçdi. Bu duşuşyklardan umumy bähbitlerimiz bolar ýaly, geljekde ony nähili geçirmelidigini ara alyp maslahatlaşdyk. Soňra biz duşuşygy doganlyk Gyrgyzystanda geçirdik we bu gün bäşinji ýubileý duşuşyk doganlyk Täjigistanda geçirilýär.

Häzirki günde ýönekeý bolmadyk dünýäde ýaşaýarys, syýasat, ykdysadyýet babatda köp meseleleriň bardygyny görýäris, ýöne esasy zat — islendik mesele ara alnyp maslahatlaşylanda, umumy ynsanperwer bähbitler göz öňünde tutulýar. Biziň ýurtlarymyzyň rowaçlygy hut ykdysadyýete baglydyr, şoňa görä-de, her gezek duşuşanymyzda, biz umumy bähbitlerimiz barada gürrüň edýäris. Sebäbi biziň sebitimiz energiýa we nebitgaz serişdelerine, beýleki tebigy serişdelere örän baýdyr. Olaryň ählisi halklarymyzyň umumy abadançylygyna hyzmat edýär.

Biz hemişe ykdysady girdeji, önümçilikleriň düşewüntliligi, senagat taýdan kooperirleşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Gadyrly dostlar, biz asyrlaryň dowamynda kooperasiýa we ýakynlaşmak boýunça umumy bähbitlerimizi öňe sürýäris. Biziň sebitimiziň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçdi we sebitimiz dünýä medeniýetiniň çatrygy bolup durýar. Häzirki günde biz bilelikde Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýäris. Ykdysadyýet barada-da köp mysallary getirmek bolar. Ýöne biz häzirki günde daşary syýasatda-da öňegidişlikleri gazandyk. Biz parahatçylyk söýüjilikli “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýarys.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar kabul edildi. Munuň özi diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara giňişlikde-de biziň abraýymyzyň barha artýandygyna, sebitimize uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Islendik meseläni — syýasy babatda, ykdysady babatda ýa-da başga meseleleri ara alyp maslahatlaşanymyzda, ozal hem belleýşim ýaly, bizi ynsanperwer taglymlar birleşdirýär. Pederlerimiz halklarymyzyň bähbidine bize dogry ýoly salgy berdiler. Elbetde, biziň halklarymyzyň beýik akyldar ogullary sanardan köpdür. Şu ýerde Abaý Kunanbaýewi, Çingiz Aýtmatowy, Alyşir Nowaýyny, Nyzamy Genjewini, Abu Abdulla Rudakyny hem-de biziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny belläp geçesim gelýär.

Pursatdan peýdalanyp, hemmeleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramyna çagyrmak isleýärin. Biz siziň bilen bilelikde bu baýramy halkara derejede geçireris.

Şu gün hormatly döwlet Baştutanlarynyň ynsanperwer meseleler barada ençeme gezek durup geçendiklerine şübhelenmeýärin. Men Magtymguly Pyragynyň şu şahyrana setirlerini mysal getirmek isleýärin:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Gadyrly dostlar, bu setirleriň terjimesi düşnüklidir. Biziň hemmämiziň doganlar hökmünde bir saçagyň başyna ýygnanyşmagymyz halklarymyzyň agzybirliginiň alamatydyr. Şeýle mysallar bizde örän köpdür. Men beýik akyldarlarymyzyň pähimlerini ýatlatmak isleýärin.

Kasym-Žomart Kemelewiç, gazak doganlarymyzyň aýdyşy ýaly, “Halkyň güýji agzybirlikdedir”, Sadyr Nurgožoýewiç, gyrgyz doganlarymyzyň aýtmagyna görä, “Bagtyň binýady agzybirlikdir”, Şawkat Miromonowiç, biziň özbek doganlarymyzyň aýdyşy ýaly, “Bedeni — lybas, ruhy dostluk bezeýär” Ilham Geýdarowiç, azerbaýjan doganlarymyzyň hem pähimli sözleri bar — “Guşa ganat, halka agzybirlik”, täjik doganlarymyz bolsa, Emomali Şaripowiç, “Ýüz dostuň bolsa-da azdyr” diýýärler.

Görşüňiz ýaly, biziň pederlerimiz, şygryýete sarpa goýan akyldar ata-babalarymyz hemişe jebislige çagyrypdyrlar. Şoňa görä-de, häzirki günde biz syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde doganlarça pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýäris.

Men hormatly Emomali Şaripowiç Rahmona ýüzlenmek isleýärin.

Ýakynda Sizde uly baýram — Garaşsyzlyk güni bellenilip geçildi. Her gezek ajaýyp Täjigistana, aýratyn-da, ýurduň paýtagty Duşenbe şäherine gelenimde, onuň ýylsaýyn gözelleşýändigini we rowaçlanýandygyny bellemek isleýärin. Esasysy bolsa, adamlaryň şadyýandygyny göreniňde, kalbyň şatlyk duýgularyna beslenýär.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy we milli bitewüligi esaslandyryjy, täjik halkynyň Milli Lideri Emomali Rahmonyň parahatçylygy pugtalandyrmaga goşan saldamly goşandyny bellemek isleýärin. Ol döwlet Baştutany bolmak bilen, köp ýyllaryň dowamynda ägirt uly işleri amala aşyrdy. Häzirki günde hem özüniň syýasy-guramaçylyk tejribesine daýanyp, Täjigistanyň Prezidenti sebitde giň möçberli işleri durmuşa geçirýär, mähriban halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine zähmet çekýär. Onuň tagallalary netijesinde, Täjigistan dünýäniň abraýly ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Doganlyk halklar bolmak bilen, biz Prezident Emomali Rahmonyň döwlet ähmiýetli işine buýsanýarys.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany meni halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine ähli güýç-gaýratymy we durmuş tejribämi gaýgyrman mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär.

Hormatly Emomali Rahmon, Barodari Aziz Taşakkur