20-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dostlukly ýurduň daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.
Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy babatda pikir alşyldy. Şunda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.







