Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy awgustda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «B» kysymly karbamid ýerlenildi.
Ony satyn almak boýunça geleşikler Owganystanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür wekilleriniň toparlary bilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň arasynda baglaşyldy.
Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 633 200 manada we 44 590 000 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.







