GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümleri daşary bazarda uly islege eýe boldy
22.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 21-nji awgustda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 440 000 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.