Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky, 111-nji mejlisiniň 11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu mejlis Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Çäreler meýilnamasyna hem-de GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň şu ýylyň 26-njy iýunynda kabul eden Teswirnamalaýyn çözgüdine laýyklykda guralýar.
Mejlisiň gün tertibiniň taslamasyna 28 mesele girizilip, olaryň 12-si soňra GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşine hödürleniler. Şolaryň hatarynda halkara gatnawlar amala aşyrylanda GDA-a agza döwletleriň çäklerinde ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy bar. Şeýle hem ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin geljegi uly materiallary öndürmek ulgamynda GDA-a agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary, birnäçe binýatlyk guramany döretmek hakyndaky çözgütler hem-de pudaklaýyn hyzmatdaşlygyň käbir edaralarynyň hasabatlary bar. Maliýe häsiýetli meseleler aýratyn bölümde ara alnyp maslahatlaşylar.
Mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri Arkalaşygyň Baş sekretarynyň orunbasary I. Nematowyň ýolbaşçylygynda 18 — 20-nji awgust aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulow hem-de ministrligiň ýolbaşçy işgärleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdiler.
Gepleşikleriň barşynda geňeşiň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň taýýarlyk derejesi, çäreleriň mümkin bolan maksatnamasy hem-de olary hemmetaraplaýyn üpjün etmegiň çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar mejlisi guramakda hem-de geçirmekde ulanmak üçin hödürlenen desgalary gözden geçirdiler. Işiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Şeýle hem mejlise taýýarlyk görmek işlerini mundan beýläk-de utgaşdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.
Gepleşiklere gatnaşyjylar Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda Ykdysady geňeşiň, şeýle hem Arkalaşygyň ähli ýokary edaralarynyň mejlisleriniň ýurdumyzyň topragynda geçirilmeginiň GDA-a agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegine hem-de özara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça çözgütleriň kabul edilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.







