Aşgabatdaky Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň, onuň «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» bölüminiň hem-de PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy mowzugy güýjünde durýan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de giňeltmek boldy.
Gepleşikleriň dowamynda ýurdumyzyň 90-a golaý talybynyň Malaýziýada tomusky önümçilik tejribeligini geçendigi, 14 sany mugallymyň Malaýziýanyň tehnologiýa ýokary okuw mekdebinde hünär derejelerini ýokarlandyrandygy, şeýle hem 200-e golaý talybyň ýöriteleşdirilen sanly ulgam arkaly nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça okuwy üstünlikli tamamlandygy bellenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilelikdäki işiň ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşdylar. Hususan-da, bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek hem-de makalalary halkara ylmy žurnallarda çap etmek, PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň nebitgaz işi, geologiýa, himiki tehnologiýalar hem-de sanly ulgamlar ugurlary boýunça adaty hem-de sanly okuw kurslaryny dowam etdirmek, şeýle hem talyplar hem-de ýaş hünärmenler üçin amaly taýýarlyk hem-de tejribe maksatnamalaryny ösdürmek meýilleşdirildi.







