Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz ulgamynda hyzmadaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
12.09.2023

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryndaky işjeň gatnaşyklaryny bellediler.

Söhbetdeşler nebitgaz, şeýle-de bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça taslamalaryň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi babatynda pikir alyşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi