Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny «Söwda öýi» kärhanasy gurar
08.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň köpugurly halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýmak hem-de «Daşky gurşawyň hatyrasyna «ýaşyl» tebigat» diýen şygar astynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi