Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk dowam edýär
01.09.2023

Mitro International we Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýalary 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatynda kümüş hemaýatkärliklerini tassykladylar. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler.

Häzirki wagta çenli 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil maslahata gatnaşjakdygyny tassyklady. Iri energetiki kompaniýalara we guramalara wekilçilik edýän abraýly spikerler forumda çykyş etjeklerini tassykladylar. Olaryň hatarynda – SPE-niň prezidenti (nebitçi inženerleriň jemgyýeti) Medhat М. Kamal, Baker Hughes-yň Russiýadaky we GDA-daky prezidenti Ýelena Akolsewa, GHG Sat-yň prezidenti Stefan Jermeýn, Dragon Oil-yň direktory Ali Raşid Al Jarwan, CNPC-niň baş direktory Çen Huaýlun, ADNOC-yň wise-prezidenti Jasper Peýjs, şeýle hem birnäçe iri energetika kompaniýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary bar.

Maslahatyň umumy mejlisinde çykyşyny OPEC-iň nebit barlaglary bölüminiň ýolbaşçysy Behruz Baýkalizade, şeýle hem BMG-niň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti tassyklady.

Garaşylyşy ýaly, maslahatyň barşynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda täze maýa goýum taslamalary hödürleniler. Bu taslamalar «Galkynyş» ägirt uly gaz känini mundan beýläk hem özleşdirmekligi, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny, känlerde nebitiň we gazyň çykarylyşyny döwrebaplaşdyrmagy, Hazaryň türkmen kenaryndaky känleri özleşdirmekligi, gaýtadan dikeldilýän energetikany öz içine alar.

Uglewodorodlary çykarmagyň ekologiýa jähtlerine we metan zyňyndylaryny azaltmaklyga aýratyn üns berler.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde halkara sergi geçiriler. Sergä gatnaşygyny 60-dan gowrak nebitgaz we hyzmat kompaniýalary tassyklady. Olaryň hatarynda: Dragon Oil, CNPC, Petronas, PEL, Honhua, Rosen Group, Sumitomo, Yug-Neftegaz, Tatneft, ENI, Rönesans, Schlumberger, Transneft, Интерпайп, КАМАЗ we beýlekiler.

Maslahat däp bolan görnüşde bolşy ýaly, onlaýn görnüşde hem geçiriler.