Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy
24.08.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Gazagystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awia kerosini hem-de polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah ýüplügi, jinsi matalary, şeýle hem buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 451 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 400 müň manatlyk armaturalary satyn aldylar.