Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol klubunyň futbolçylary Gyrgyzystanyň güýçli klublarynyň biri bolan «Alaýdan» üstün çykdylar.
Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy. 13-nji minutda gyrgyzlaryň «Alaý» toparynyň derwezesine ýeňiş goluny Musa Nurnazarow geçirdi.
Ilkinji nobatda belläp geçmeli zatlaryň biri, dolan stadionda janköýerleriň bileleşip, «Merwiň» oýnuna ýardam bermeklidir. Janköýerleriň arasynda diňe bir Mary welaýatynyň ýaşaýjylary däl, eýsem, tutuş ýurdumyzdan gelen janköýerler boldy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň toparynyň futbolçylary hemmeleriň ýadynda uzak galjak ajaýyp duşuşyk geçirdiler.
Ajaýyp goly geçiren Musa Nurnazarowyň hem-de derwezäni mynasyp goran «Merwiň» derwezebany Merdan Saparowyň oýnuny aýratyn bellemeli.
22-nji awgustda Hujandda «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda AFK-2023/24 Kubogynyň pleý-off tapgyrynda «Merw» Täjigistanyň çempionatynyň bürünç medalçysy «Hujand» bilen duşuşar.
Üstünlik gazanan ýagdaýynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» toparynyň futbolçylary «Rawşan» (Täjigistan), «Altyn asyr» (Türkmenistan) we «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) klublary bilen bilelikde ýaryşyň Merkezi zolagynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş eder.
Merkezi zolakda AFK-2023/24 Kubogynyň toparlaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar. Indiki tapgyra diňe toparynyň ýeňijileri çykar.