Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz senagatynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen eksport edilýär.«Bestway» türk kompaniýasynyň sargydy boýunça «Oguzabat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan polipropilen terminaly arkaly Türkiýä 749,9 tonna töweregi koksohimiýa önümleri eksport edildi.
Ýene-de 1350 tonna polipropilen önümi «Korsintez» gazak kompaniýasynyň sargydy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyna eksport edildi.
Kuwwatlylygy ýyllyk 120 müň tonna barabar bolan polipropilen terminalynyň umumy meýdany 62 müň inedördül metre barabardyr. Terminalyň otaglarynyň ählisi polirpopilen ýükleriniň howa şertleri zerarly zeperlenmeginden goralan görnüşde gurnalandyr.
Terminalda ýük göterijiligi 64 tonna we öwrüm burçy 17 metr bolan port kranlary polatdan relslerde bir wagtda göwrümi 5000 tonna bolan üç sany gämide ýükleýiş düşüriş işlerini geçirip bilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanda polipropilen Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle hem Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda öndürilýär. Ol «Hyundai Engineering Go. Ltd» we «LG International Corp», şeýle hem «Toyo Engineering Corp» kompaniýalary tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserni bilen şertnamanyň esasynda guruldy we 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizildi.