Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
04.08.2023

Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.

Üçtaraplaýyn sammitiň barşynda döwlet Baştutanlary sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşarlar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ony ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini bellemelidiris. Oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikler bar.

Şunda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we Işewürler geňeşleriniň işine möhüm orun degişlidir. Olar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Munuň özi üç ýurduň çäk we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Bu babatda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça transkontinental multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. 

Energetika ulgamy-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Bu ugur hem uly mümkinçiliklere eýedir.

Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýar.