Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen wekiliýeti Belarus bilen ÝUNESKO-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
20.11.2024

Türkmen wekiliýetiniň Minska sapary ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda döredilen ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň iş tejribesini öwrenmek maksady bilen gurnaldy. ÝUNESKO bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Milli toparynyň wekillerinden we klublaryň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet medeni we bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Minskde saparda boldy.

Saparyň maksatnamasy Belarusiýanyň ÝUNESKO klublarynyň assosiasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary, ýaşlaryň watançylyk we liderlik häsiýetlerini ösdürmekdäki orny boýunça pikir alyşmalary, şeýle-de «tegelek stola» we türkmen-belarus hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmagy öz içine aldy. Wekiliýet türkmen klublarynyň, şol sanda «Dünýä dilleri», «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» we beýleki klublaryň taslamalaryny hödürledi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň milli dünýä dilleri institutynyň täze ylmy taslamasy – «Filologiýa meseleleri» atly elektron žurnaly tanyşdyryldy.

Iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda ylmy gözlegler bilen alyş-çalyş etmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, wekiliýet belarus kärdeşlerine hyzmatdaşlygyň we agzybirligiň nyşany hökmünde düýäniň ýüňünden dokalan saçagy sowgat berdi.

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly