Aşgabatda 3 — 5-nji noýabr aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa hem-de energetika pudaklaryny ösdürmek» (CIET 2026) atly halkara maslahatyna hem-de sergisine gatnaşyjylary hasaba almak başlandy.
Forum Türkmenistanyň infrastruktura hem-de senagat ösüşiniň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, maýadarlaryň, maliýe institutlarynyň, daşary ýurt önüm öndürijileriniň, potratçy guramalaryň, tehnologik çözgütleri üpjün edijileriň hem-de bilermenleriň wekillerini bir ýere jemlär. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu çärä 50-den gowrak ýurtdan gelen 500-den köp wekil gatnaşdy.
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa hem-de energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahatynda gurluşyk hem-de şäher gurluşygy, senagaty döwrebaplaşdyrmak, himiýa hem-de nebithimiýa önümçiligi, energetika hem-de energiýadan netijeli peýdalanmak, ulag hem-de infrastruktura, şeýle hem sanlylaşdyrmak hem-de akylly tehnologiýalar ýaly ulgamlara maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de halkara tejribäni çekmek meselelerine aýratyn üns berler. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mehanizmlerine hem-de taslamalary maliýeleşdirmegiň gurallaryna aýratynlykda garalar.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň hem-de hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen B2G hem-de B2B görnüşindäki duşuşyklar geçiriler. Bellenilişi ýaly, bu duşuşyklar daşary ýurtly gatnaşyjylara anyk taslamalary gönüden-göni ara alyp maslahatlaşmaga hem-de hyzmatdaşlary tapmaga mümkinçilik berer.
Maslahat bilen bir wagtda halkara sergi hem geçiriler. Şol sergide senagat, himiýa pudagy, infrastruktura hem-de energetika üçin enjamlar, tehnologiýalar, gurluşyk materiallary hem-de dürli çözgütler görkeziler.
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa hem-de energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahaty hem-de sergisi «Innowasiýalar. Maýa goýumlar. Ösüş» şygary astynda geçiriler. Forumyň esasy maksady Türkmenistanyň ileri tutulýan taslamalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny hem-de inženerçilik tejribesini çekmekden ybaratdyr.
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa hem-de energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahatyna hem-de sergisine gatnaşmak üçin forumyň ciet-turkmenistan.com atly resmi internet sahypasynda hasaba durup bolýar.







