Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.