Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan «COP29» halkara maslahatyna gatnaşýar
13.11.2024

Baku şäherinde 11–23-nji noýabry aralygynda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) öz işine başlady. Bu çäräniň çäginde Azerbaýjanyň paýtagty Türkmenistanyň wekiliýetini goşmak bilen, 70 müňe golaý daşary ýurtly myhmany kabul edýär.

«COP29» maslahatynyň 11-nji noýabrda Baku olimpiýa stadionynda resmi açylyş dabarasy, 12-13-nji noýabrda howanyň täsiri babatyndaky hereketine bagyşlanan mejlisi geçirildi. Oňa BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna girýän 80 töweregi döwlet we hökümet baştutany gatnaşýar. «COP29» maslahatynyň maksatnamasyna howa degişli gün tertibiniň dürli jähetlerini öz içine alýan köp sanly çäre: «ýaşyl» maliýeleşdirme, uýgunlaşma, netijeleriň zyýanyny azaltma we tehnologiýalar, şeýle hem birnäçe degişli mowzuklar girýär.

Maslahatyň Gök zolagynda resmi gepleşikler geçiriler we möhüm kararlar kabul ediler, Ýaşyl zolak bolsa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dürli sergileriň, maslahatlaryň we medeni çäreleriň geçirilýän ýeri bolar. «COP29» maslahatynyň Ýaşyl zolagyndaky maslahatlar we mejlisler suw ýetmezçiligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda innowasiýalar ýaly sebite mahsus howa meselelerine bagyşlanar. Seredilmeli esasy meseleler tebigaty we biodürlüligi, ummanyň ekosistemasyny, gorlary gorap saklamagy, aýry-aýry şahslaryň we jemgyýetleriň işini güýçlendirmegi, durnukly geljegi, adamzat üçin jogapkärçiligi öz içine alýar.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy howa ulgamyna howply antropogen täsiriň öňüni almak üçin 1992-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Ýer babatyndaky maslahatda gol çekildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty 1995-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Bütindünýä sammitiniň esasy maksady tutuş dünýäde howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki öňegidişlige baha bermekdir. 2011–2015-nji ýyllarda geçirilen mejlislerde 2015-nji ýylda Fransiýada kabul edilen we «Pariž Ylalaşygy» diýlip atlandyrylýan howanyň üýtgemegine garşy göreşde iň möhüm halkara resminama ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagta çenli bu Ylalaşyga 195 ýurt, şol sanda Türkmenistan-da goşuldy.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»