Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Umumylykda, maý aýynda Hytaý 13,51 mlrd kub metr «mawy ýangyç» import etdi, bu şol aý üçin taryhy rekord bolup durýar. Bilermenler kowid çäklendirmeleri ýatyrylandan soň HHR-iň ykdysadyýetiniň ösmegini dünýäniň energetika bazarynyň depginli ösüşiniň esasy şerti hasaplaýarlar.
Şu ýylyň maý aýynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen mawy ýangyjynyň hytaý tarapa iberilmegini artdyrmak üçin täze taslamalary dowam etmek barada çykyş etdi.
Öz gezeginde HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4 şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrylmagyny goldady. Munuň özi bu turba geçirijiniň umumy kuwwatyny ýylda 65 mlrd kub metr gaza çenli artdyrar.