Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Kuwwatly kärhana täze ýyly zähmet üstünlikleri bilen garşylady
16.01.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy iň bir kuwwatly desgalardyr kämil tilsimatlara eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar. Bu ýere turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowuşýan nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzinleri, awiasiýa we tehniki kerosinler, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary hem-de başga ençeme nebit, nebithimiýa önümleri taýýar harytlyk görnüşine getirilýär.

Geçen ýyl topluma gelip gowşan 4 million 534 müň tonna barabar çig nebitiň 4 million 504 müň tonnadan hem köpüsi gaýtadan işlenilipdir. Kärhanada taýýarlanylýan önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirmekde gazanylýan oňyn netijelerde toplumyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti has uludyr. Geçen ýyl «Kenar» kärhanasyndan müşderilere ugradylan taýýar nebit önümleriniň umumy möçberi 4 million 53 müň 846 tonna golaý bolupdyr. Şonça taýýar harytlyk önümleriň 2 million 760 müň tonna barabary ýurdumyzyň sarp edijilerine, 1,3 million tonna golaýy bolsa daşarky bazarlara ugradylypdyr. Bu ýerden taýýar nebit önümleri ýüklenen gämilerdir otlular deňiz we polat ýollar arkaly dünýäniň Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan ýaly ençeme döwletlerine tarap ýola düşýärler.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde bu ýerde ozaldan hereket edýän gämi duralgalarynda abatlaýyş, enjamlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilipdir.

Kärhanada häzirki wagtda ýük göterijiligi bäş müň tonna barabar bolan tankerler bökdençsiz kabul edilýär. Ýakyn wagtlarda bu ýerde täze, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän gämi duralgasyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Kärhananyň düzüminde dury nebit önümlerini guýmak we dökmek üçin awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasynyň gurlup, işe girizilmegi hem zawodlar toplumyndaky täzelenişiň mynasyp dowamat tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Dünýä talaplaryna laýyk gurlan bu desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Goýberiş-sazlaýyş işleri ýokary derejede awtomatlaşdyrylan bu desganyň ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna dury nebit önümlerini sarp edijilere bökdençsiz ýükläp ugratmaga barabardyr.

Dury nebit önümlerini guýmak we dökmek üçin awtomatlaşdyrylan bu demir ýol estakadasynda nebit önümleri demir ýol çeleklerine görnüşleri boýunça bellenilen mukdarda guýulýar we olaryň her biriniň agramy elektron terezi arkaly ölçelinip, degişli resminamalar sarp edijileriň salgylary hem-de ugurlary boýunça awtomatlaşdyrylan usulda resmileşdirilýär. Bu ýerde çeleklere önüm guýlanda emele gelýän buglary tutup ýygnamagyň hasabyna her ýylda 300 tonnadan gowrak benziniň ýitgisiniň, şonuň bilen birlikde-de, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga doly mümkinçilik bar. Kämil desgada ýangyn howpuny öz wagtynda anyklaýan we köpürjik arkaly awtomatik usulda söndürýän ulgam, abat däl çelekden dökülýän nebit önümini sorup, ýörite çana (gaplara) kowýan, şonuň ýaly-da çeleklere artykmaç önümiň guýulmagynyň öňüni alýan kämil enjamlar netijeli işledilýär. Hut şu artykmaçlyklaryň özem bu ýerde ýangyn we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, önümiň ýitgisiniň öňüni almaga, agyr el zähmetini aradan aýyrmaga hem-de önümçiligiň medeniýetini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda bitirilýän işler biziň ýurdumyzdan daşarda hem uly ähmiýete eýedir. Kärhana ýükleri üstaşyr geçirmekligi hem üstünlikli ýola goýýar. Bu ýere daşary ýurtlardan deňiz arkaly gelýän tankerlerden nebit önümlerini hiç bir ýitgisiz düşürip, demir ýol çeleklerine guýmak we olary niýetlenen ýurtlaryna üstaşyr geçirmek bökdençsiz amala aşyrylýar. Bu ýerde häzirki wagtda taýýar nebit önümleriniň gämilere ýüklenýän iki sany nokady hereket edýär. Şeýle möhüm nokatlaryň ýene biriniň gurluşyk işleri bolsa häzirki wagtda üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi ýakyn wagtlarda kärhananyň işlerini has-da ilerletmäge aýgytly täsirini ýetirer. Şeýle döwrebap kärhanada halal zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin desganyň işçi-gullukçylarydyr inžener-tehniki işgärleri Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş aýdýarlar.