Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Burawlaýjylaryň depgini batlanýar
02.11.2023

«Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň «Ne­bit­gaz­bu­raw­la­ýyş» tres­ti­niň Kör­pe­je buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary öz öňlerinde goýlan belent sepgitlere ýetmek üçin jan aýaman zähmet çekýärler. Has takygy, müdirlik boýunça sentýabr aýynda gözleg-barlag we ula­nyş mak­sat­ly gu­ýu­lar­da 2 müň 945 metr çuň­luk gaz­mak göz öňün­de tutulan bolsa, öz işine ezber burawlaýjy to­par­la­ry­myz 6 müň 750 metr çuň­luk gazmagyň hötdesinden gelip, meýilnama­ny wag­tyn­dan öň 229,2 gö­te­rim ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, artyk gazylan çuň­luk 3 müň 805 metr­den yba­rat bolup, bu geçen ýylyň degişli döwri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 3 müň 250 metr çuňlugyň artyk gazylyp, ösüş depgini­niň 192,9 gö­te­rim bo­lan­dy­gy­ny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän, halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän iň kämil, kuwwatly buraw desgalaryndan ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan mü­dir­li­giň «ga­ra al­tyn», «ma­wy ýan­gyç» göz­leý­ji zähmetsöýer burawlaýjylary häzirki wagtda No­gaý, Uzy­na­da, Al­ty­gu­ýy, Guý­juk ýaly nebitgazly känlerde gazuw işlerini alyp barýarlar. Ýakyn günlerde ussat Eý­mir Ga­ýy­po­wyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän buraw toparynyň burawlaýjylary tarapyndan Uzynada meýdançasyndaky 74-nji ulanyş maksatly taslama çuňlugy 6 müň 800 metr bo­lan gu­ýy­nyň ga­zuw işlerini tamamlap, zemin jümmüşinden «ga­ra al­ty­nyň» bol se­na­gat aky­my­ny almak meýilleşdirilýär.

Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan müdirligiň ýolbaşçylygy bilen bilelikde, üznüksiz önümçilik işlerinde zähmet çekýän işgärleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny pugta berjaý etmek, howply hadysalaryň öňüni almak, daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda müdirligimizde netijeli, köpugurly işler göwnejaý ýola goýuldy.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti