
«Türkmengaz» Döwlet konsernine degişli Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplary mugallymlaryň ýolbaşçylygynda önümçilik tejribesini üstünlikli geçýärler.
Elektrik ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagy we relýe goragy, senagat enjamlarynyň gurnalmagy we hyzmaty, maşyn gurluşygy tehnologiýasy ugurlary boýunça bilim alýan birinji ýyl talyplary döwrebap enjamlar we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylan okuw mekdebiniň laboratoriýalarynda tejribe geçýärler.
Maşyn gurluşygy tehnologiýasy boýunça laboratoriýa häzirki zaman tokar stanoklary we beýleki enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde talyplar mugallymlaryň ýolbaşçylygynda dürli programmalaryň kömegi bilen enjamlar arkaly dürli şaýlary oýlap tapmagy we taýýarlamagy öwrenýärler. Okuw sapaklarynda alnan nazary bilimler önümçilik tejribesi arkaly has-da pugtalandyrylýar.
Elektrik ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagy we relýeli gorag boýunça laboratoriýada bolsa talyplar üýtgeýän we durnukly tok bilen işleýän awtomatiki enjamlar arkaly elektrik enjamlaryny dolandyrmagy programma üpjünçiligi arkaly özleşdirýärler.
Laboratoriýada ornaşdyrylan dürli awtomatiki enjamlar öňdebaryjy koreý kompaniýasy «KOICA» tarapyndan berlen iň häzirki zaman enjamlary bolup durýar. Önümçilik tejribesi döwründe talyplar bu enjamlar bilen sanly ulgam arkaly işleşmegiň tehnologiýasyny özleşdirýärler.
Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalarda geçirilýän önümçilik tejribesi hem ýokary netijeleri berýär.
Ikinji ýyl talyplary bolsa nebitgaz geçirijilerini gurmak we ulanmak, himiýa, nebit-himiýa we gaz işläp taýýarlamak kärhanalarynyň enjamlary we hyzmaty ýaly ugurlar boýunça bilim alyp, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirligine degişli «Şatlyk» esasy gaz geçirijisiniň kompressor bekedinde tejribe geçýärler. Tejribeli hünärmenler ýerinde talyplary beketiň önümçilik prosesi bilen tanyşdyrýarlar. Bu ýerde «Galkynyş» we «Döwletabat» känlerinden gelen tebigy gaz sowadylýar, gysylýar we «Garagum» gaz kompressor bekedine ugradylýar. Şeýle hem hünärmenler talyplara gaz kompressor agregatlarynyň iş tehnologiyasy we tebigy gazy himiki laboratoriýada arassalaýyş usullary barada düşündiriş berýärler.
Şeýle-de, häzirki wagtda nebitgaz känleriniň işlenip taýýarlanylmagy, nebitgaz guýularynyň düýpli abatlanylyşy, nebitgaz känleriniň gözleg we ulanylyşy, ölçeg we awtomatiki ulgamlaryň hünärmenleri ýaly ugurlarda bilim alýan talyplar «Marygazçykaryş», «Türkmengazburawlaýyş» we «Türkmengazawtomatika» müdirliklerinde önümçilik tejribesini geçýärler.
Önümçilik tejribesiniň guramaçylyk derejesi ýokary bolup, elektrik ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagy we relýe goragy dersinden mugallym Şamuhammet Ataýew, maşyn gurluşygy tehnologiýasy boýunça bolsa mugallym Wepa Rahmedow ýokary işjeňlik görkezýärler diýip, «Türkmengaz» Döwlet konsernine degişli Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň önümçilik okuwynyň ýolbaşçysy Nagmatmyrat Babekow gürrüň berýär.
Bellenilip geçilmeli zatlaryň biri hem — okuw otaglary we laboratoriýalar okuw-usuly gollanmalar, döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Her ýyl ýüzlerçe ýaş hünärmen bu okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň kärhanalaryna we edaralaryna işe ugradyrylýar. Elbetde, talyplaryň alýan nazary bilimleriniň önümçilik tejribesi bilen utgaşmagy saýlanyp alnan hünäri çuňňur özleşdirmekde möhüm şertleriň biridir.