Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Halkara nebitgaz forumy: energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant
25.10.2023

Soňky ýyllarda energetika pudagynda ählumumy derejede uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşine — «ýaşyl» energiýa geçmek boýunça meselä aýratyn üns berilmegi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen halkara nebitgaz forumlary bolsa energetika geçişi bilen bagly alnyp barylýan işleri giňden şöhlelendirmekde, bu ugurda özara pikir alşyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmegi üpjün edýän netijeli çözgütleri kabul etmekde, täzeçil strategiýalary işläp taýýarlamakda ykrar edilen meýdança öwrüldi. Şu gün — 25-nji oktýabrda hem paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar.

Halkara nebitgaz forumynyň guralmagynyň esasy maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek üçin sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, dünýä energetika ulgamyndaky soňky meýillere syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, däp bolşy ýaly, dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza ýygnandylar. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýan bu serginiň we maslahatyň, olaryň çäginde guraljak iş duşuşyklarynyň geljegi uly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň ýangyç-energetika we nebitgaz pudaklarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze maýa goýum taslamalary barada habarlylygyny artdyrjakdygy ikuçsuzdyr.

Tebigy serişdelerden jogapkärçilikli peýdalanmagyň Ýer ýüzüniň döwletleriniňdir halklarynyň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludygyny adamzadyň toplan tejribesi anyk görkezdi. Häzirki wagtda uglewodorod çig malyny gazyp alýan senagatyň dünýä döwletleriniň aglabasynyň ykdysadyýetinde öňdebaryjy orny eýeleýändigi hemmä mälim hakykat. Muňa garamazdan, BMG-niň hasaplamalaryna görä, energiýanyň gazylyp alynýan görnüşleriniň ulanylmagyna bagly bolan önümçilikleriň galyndylary atmosfera howasynyň hapalanmagyna getirýän parnik gazlarynyň 75 göterimini tutýar. Bu bolsa, öz gezeginde, howanyň ählumumy maýlamagy ýaly adamzada howp salýan çökgünligiň öňüniň alynmagyny kynlaşdyrýar. Dünýäde 760 million adama elektrik togunyň elýeterli däldigi, 2,6 milliard adama ýangyjyň ekologik taýdan arassa görnüşiniň ýetmezçilik edýändigi hem bu babatda örän oýlanyşykly çözgütleriň tapylmagyny esasy zerurlyga öwürýär. Şundan ugur alyp, dünýäde uly energetiki kuwwata eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän, sarp edýän ýurtlaryň bähbitlerini deň tutmaga esaslanýan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly arhitekturasyny döretmäge çalyşýar. Bu günki gün türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny öz halkymyzyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny, energetika pudagyndaky iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini dolulygyna subut edýär.

Türkmenistan ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda öz garaýyşlaryny öňe sürýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän strategiýanyň düýp özeni bolsa ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp alýan we gaýtadan işleýän ulgamlaryň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, «mawy ýangyjy» eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan, «Asyryň gurluşygy» adyny alan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijileriniň taslamalary bolsa ýurdumyzyň energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda edýän tagallalarynyň anyk mysallarydyr. Dünýäniň iri döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylmagy bolsa bu taslamalaryň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkarar bolmagyna goşýan goşandynyň ykrar edilýändiginiň nyşanydyr.

Paýtagtymyzda öz işine başlaýan 28-nji nebitgaz forumynda-da iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk ugry hasaplanýan nebitgaz pudagynyň ösüşine täsirini ýetirýän sebit we dünýä meýillerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşyp, toplan tejribelerini birek-birek bilen paýlaşarlar. Umuman, maslahatyň gün tertibinde energetikanyň geljegi, türkmen nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri, «ýaşyl» energetika, uglewodorod serişdelerini işläp geçmekde ekologik jähetler, üstünlikli energetika geçişinde innowasiýalaryň we adam maýasynyň orny bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Şunda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň, önümçilik-ýerlemek zynjyrynda metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaba almagyň usullaryna degişli möhüm meselelere-de garalar. Çünki kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak tebigy gaza islegiň artmagy, dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen göreşmäge çalyşmagy bilen baglylykda, dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugur hasaplanýar.

Bilermenler daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryna geçmek üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasyny işjeň ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Energiýanyň arassa, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy, öz gezeginde, ähli ýurtlaryň depginli ösmegi, halklaryň abadançylygy üçin aýgytlaýjy şertdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 16-njy iýunynda «2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi-de uly ähmiýete eýedir. Şunda ýurdumyzyň agzalan borçnama goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar, iri kompaniýalar bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady ileri tutulýar. Nebitgaz ugurly nobatdaky forum bolsa munuň üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder. Energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýandygy göz öňünde tutulanda, bu wajyp ugurda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda nobatdaky forumyň ähmiýetiniň uly boljakdygy şübhesizdir.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti