Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmennebit» DK burawlaýjylarynyň buýsançly işleri
17.07.2023

Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak işleriniň her birine «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Burawlaýjylar nebitli-gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýylyň 20-nji aprelinde konserniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginde gazuw işleri tamamlanan täze 392-nji guýudan çüwdürim esasynda bol nebit akymynyň alynmagy hem muny doly tassyklaýar.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Şöhratly zähmet däplerine baý bolan bu müdirligiň hünärmenleri hem belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda göreldeli zähmet çekýärler.

Dünýäniň öňdebaryjy, kämil buraw desgalaryna we enjamlarydyr tilsimatlaryna eýe bolup, olara başarjaň erk edýän kärhananyň zähmet toparlary has çuň gatlaklara ynamly aralaşyp, täze üstünliklere gadam urýarlar. Häzirki wagtda Goturdepe baýlyklar mesgeninden alynýan nebit çig malynyň möçberi tutuş konsern boýunça çykarylýan «gara altynyň» üçden birine barabardyr. Soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Demirgazyk Goturdepe meýdançasy bolsa bu baýlyklar mesgeniniň geljeginiň hasam uludygyna güwä geçýär. Ýerasty ýangyç çig malynyň baý gorlaryna eýe bolan bu meýdançada ýakynda 392-nji ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. Öz işine ussat Arazdurdy Arazdurdyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary täze guýynyň gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, öz wagtynda tamamlamagyň hötdesinden geldiler. Bu täze guýuda burawlanan dag jynslarynyň çuňlugy 4 müň 740 metre ýetende «gara altynyň» bol çüwdürimli akymy alyndy. Önümçilige tabşyrylan bu täze guýynyň her gije-gündizde berýän nebiti 57 tonnadan geçýär.

— Ukrainanyň «Ýugneftegaz» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda bilelikde gazan bu täze guýymyzda gazuw işleri kämil buraw desgasynda amala aşyrylyp, aşaky gyzyl reňkleriň ýedinji gatlagyndan bol önüm alyndy. Şu guýy gazylýarka ýokarda görkezilen çuňluga ýetýänçäk ýene-de birnäçe nebitli gatlaklaryň hem üstünden baryldy.

Munuň özi häzirki ýetilen gatlakda çig mal gutaransoň, ýokarky gatlaklardaky nebiti hem alyp, guýynyň ulanyş möhletini 15 — 20 ýyla çenli uzaltjakdygymyzy aňladýar. Bu guýynyň çüwdürim esasynda önüm berýändigi ykdysady taýdan hem juda peýdalydyr. Häzir bu meýdançada buraw ussasy Täçberdi Dädebaýewiň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan gazylýan taslama çuňlugy 4 müň 750 metre deň bolan 365-nji guýuda hem işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu täze guýularyň hem nebit çig malyny berjekdigine pugta ynanýarys. Biz şu ýylyň geçen ýanwar-aprel aýlarynda jemi 17 müň 550 metr dag jynslaryny gazmak baradaky meýilnamamyzy has artygy bilen berjaý etmegi başardyk. Buraw işleri tamamlanan jemi bäş sany guýularymyzyň üçüsiniň ulanyş maksatly guýulardygyny hem aýratyn nygtasym gelýär — diýip, Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baş geology Meretgylyç Tagangylyjow buýsanç bilen aýdýar.