Adamzat durmuşynda iň meşhur hasaplanylýan oýunlaryň biri hem futboldyr. Bu meşhur oýnuň taryhy barada bilmek hemmämize gyzykly bolsa gerek. Bu oýun öz taryhyny örän irki döwürlerden alyp gaýdýar. Aýakda oýnalýan toply oýunlar b. e. öňki 3000-nji ýyllarda Aziýa Hun döwleti tarapyndan ýaýrapdyr diýen çaklamalara gabat gelmek bolýar. Ondan soňra toply oýunlar hytaýlylara gelip ýetipdir. Hatda b. e. öňki 2500-nji ýylda Hytaýda ýere iki sany naýzany dikip, onuň arasyndan topy geçirmek oýny hem meşhur bolupdyr. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan 7,5 sm. ululykdaky deri toplary, top oýnaýan adamlaryň şekilleri ýokardaky aýdylanlara delil hökmünde kabul edilýär. Rimli esgerler tarapyndan oýnalan «Harpastum» atly oýun häzirki futbolyň başlangyjy hökmünde kabul edilýär. Fransiýalylar, iňlisler, italýanlar futbolyň ilkinji dörän ýeri öz ýurtlary hasaplaýarlar. Hernäçe jedelli bolsa-da bu oýnuň häzirki zaman kämil görnüşi ХVII asyrda iňlisler tarapyndan döredilendir. Çünki bu oýnuň ady hem iňlisleriň «Foot ball» sözünden dörändir.
Soňra futbol oýny ýuwaş-ýuwaşdan dürli ýurtlara ýaýrap, bu oýnuň belli bir düzgünleri döredilipdir. Maglumatlara görä, 1841-nji ýylda futbol topunyň şar şekilli bolmagy baradaky kada kabul edilen bolsa, 1848-nji ýylda «Kembrij kanunlary» atly futbol düzgünleri taýýarlanypdyr. Bu düzgünlere laýyklykda futbol meýdançasynyň çyzgylary hem-de meýdançada her topar üçin bir derweze goýulypdyr. Derwezeleriň üstki sütüni bolsa, 1875-nji ýylda goýulyp, futbolçylara topy kelle bilen urmaga rugsat berlipdir.
1876-njy ýylda burçdan oýna girizmek, 1886-njy ýylda adatdan daşary ýagdaý düzgünleri arkaly futbol oýny baýlaşdyrylypdyr. «Futbol oýny demirgazyk Amerikadaky indeýler tarapyndan oýlanyp tapylýar. Olar ilkinji bolup kauçuk toplaryny ulanýarlar. Soňra futbol bütin dünýä ýaýrap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen onuň düzgünleri oýlanyp tapylýar. Onuň ýeke-täk düzgüni ХIХ asyrda Angliýada ýola goýulýar we dünýä ýaýraýar. Ol tiz wagtdan dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar» diýlip başga bir taryhy maglumatlarda bellenilýär. Bu oýunda başda düzgün bozulmalar az bolupdyr. Ýöne basdaşlaryň kömegi bilen gödeklikler artyp başlapdyr. Şol sebäpli hem 1890-njy ýylda oýna ýörite futbol eminleri goşulypdyr. Şeýle hem derwezeban William Mak – Krumyň maslahaty netijesinde Irlandiýa futbol federasiýasy tarapyndan 11 metrlik jerime urgusy täze bir oýun düzgüni hökmünde kabul edilýär. Ilkinji gezek bu urgy 1891-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Irlandiýanyň ligasynda ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da, sary duýduryş we gyzyl oýundan çykaryş petekleri döredilip, ol ilkinji gezek 1970-nji ýylda bolan Dünýä çempionatynda ulanylypdyr. 1905-nji ýylda yklymlar arasyndaky ilkinji bäsleşik yglan edilen bolsa, 1908-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Olimpiadada hem futbol ýaryşy geçirilipdir. Häzirki wagtda örän köp adam futbol oýny bilen gyzyklanyp, oňa tomaşa etmegi halaýar. Onuň şatlykly-şowhunly pursatlaryndan ruhy lezzet alýarlar.
Muhammet Muhammetberdiýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Çeşme: «7/24.tm»: elektron žurnaly