Guýulary maýyşgak nasos kompressor turbaly düýpli abatlaýyş müdirliginiň baş maksady, nebit we gaz çykarmakda önümi peselen guýulary öňdebaryjy tehnologiýalar, awtomatlaşdyrylan serişdeler we täze maýyşgak turbalar arkaly guýulary abatlamak hem-de zähmet guramagy gowulandyrmak esasda işgärleriniň we onuň agzalarynyň maddy hallaryny ýokarlandyrmak bolup durýar. Önüm beriji guýularyň nebit we gaz kanallaryny çägeden we parasitden arassalamak, guýularyň düýbüne sement köprüsini goýmaklyk, abatlaýyş işlerinde önümli gatlaklardan gelýän basyşy suwuklyk bilen basyp ýatyrmaklyk ýaly işleri ýerine ýetirýär.