Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
,,Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň Guýulary maýyşgak nasos kompressor turbalary düýpli abatlaýyş müdirliginiň ,,Nebitçi” şypahanasy

,,Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň Guýulary maýyşgak nasos kompressor turbalary düýpli abatlaýyş müdirliginiň ,,Nebitçi” şypahanasy barada maglumat

,,Nebitçi” şypahanasy 1989-njy ýylda Balkanabat şäheriniň 224-nji ýaşaýyş jaýlar toplumynda düýbi tutulan we ol birbada 100 raýatlary kabul etmäge mümçiligi bolup bütin ýylyň dowamynda halkyň saglygyny dikeltmäge hyzmat edýär.

Şypahana 4 gatdan ybarat bolup, onda ýatylýan otaglardan (48 sanysy 2 orunlyk, 3 sanysy oňaýly otagly) naharhanadan, bejeriş bölümi ýerleşdirlen. Ýatylýan her bir otag 2-orunlyk bolup, otaglaryň her birinde bejergi alýanlar üçin ähli şertler döredilen. Bulardan başga-da şypahananyň golaýynda dag eteginde ýerleşýän ,,Saglyk ýoly” dynç alýanlaryň höwesjeň gurnaýan ýer bolup durýar.

*Ozokerit

*Parafin

*Ultrases

*Elektrofarez

*UWÇ

*Magnitoterapiýa

*Ingalýasiýa

*Wanna bölümi (bişofitli, deňiz duzly wannalar)

*Duş şarko

*Gidromassaž (aýlawly duş)

*Iňňe

*Owkalamak

Bu bejergilerden başga-da şypahanada bedenterbiýe otaglary bar. Raýatlara şypahananyň ginekologiýa we stomatologiýa lukmanlary tarapyndan gözegçilikden geçirilýär. Şypahanadaky fitobarda bolsa, Hormatly Arkadagymyzyň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby esasynda türkmen topragynda taýýarlanan saglyga peýdaly çaýlar hödürlenýär.