
Gamyşlyja guýylary düýpli abatlaýyş müdirligi Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde ýerleşýär. Gamyşlyja nebit gaz çykaryş müdirliginiň , Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň we Keýmir nebit gaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda önüm bermekden galan nebit we gaz guýylaryny düýpli abatlap önüm bilen ullanylyşa girizýär . Müdirlik ýokarda görkezilen sargyt ediji müdirliklere degişli bolan, Altyguýy, Körpeje, Gamyşlyja, G.o. Nebitlije, Şatut, Ekerem, Keýmir, Ak-patlawuk, Çekişler nebit we gaz känlerinde ýörite toparlar bilen iş geçirýär.