Esasy maksatlar we jogapkärçilikler: Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň, “Döwlet gullugy hakynda” hem-de “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gullyk özüni alyp barşy hakynda “ Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryna laýyklykda işgäriň hukuklaryndan peýdalanmaga we wezipe borçlaryna päk ýürekden we ýokary hünär derejesinde berjaý etmäge.
Müdirligin düzümine girýän sehleriň işlerini sazlaşykly alyp barmaklygy, olaryň alyp barýan işleriniň guramaçylykly ugrukmaklygyny, zähmetiň talabalaýyk gurnalmagyny, şonuň esasynda nebit-gaz çykaryjy guýylarda abatlaýyş işleriniň meýilnamasyny, tabşyrygyny üstinlikli berjaý etmekligi gazanmaly. Guýylarda geçirilýän abatlaýyş işleriň hiliniň oňat bolmaklygyny, önümçilge ösen tilsimatlary (tehnologiýany) ornaşdyrmaklygy ýola goýmak, şonuň netijesinde öndürijiligi ýokarlandyrmak , abatlaýyş işleriň özüne düşýän gymmatyny aşaklandyrmak, şonuň netijesinde girdejili işlemekligi, az harajat bilen köp peýda gazanmaklygy başarmaly.
Sehlerde düýpli abatlaýyş işleri geçirilende ýerasty we tebigy baýlyklar baradaky hereket edýän “Düzgünnamanyň” talaplaryny ýerinde berjaý etmekligi gazanmaly.
Guýylary düýpli abatlamak görkezijisiniň meýilnamasyny öz wagtynda “NGDA” trestine tassyklatmak, guýylarda abatlaýyş işlerini ýokary depginde alyp barmak we wagtynda guratmak, netijede bolsa garaşylýan möçberde nebiti we kondensaty almaklygy üpjün etmeklik. Meýilnama laýyklykda umumy müdirlik boýunça gerekli bolan maddy serişdelerini kesgitleýär we olary merkezleşdirilen ýerlerden (bazalardan) lomaý-söwda edilýän ýerlerden satyn almaklygy ýola goýýar we alynan serişdeleri ykjam ýerleşmesini üpjün etmek bilen , olary oýlanyşykly ullanylyşyna gözegçilik etmeli.
Müdirlikligi ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegine, bilim tejribesini oňat netijili peýdalanmaklyga we olaryň iş ýerinde zähmet howpsuzlygyny ýola goýmak , zähmet baradaky , tebigaty goramak hakyndaky kanunlary berjaý edilmegine gözegçilik etmegi.
Köpçülikleýin şertnamanyň talaplaryny berjaý etmegi we oňa degişli teklipleri bermegi.