“Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar kärhanasy” Balkanabat şäheriniň 2-nji senagat çäginde ýerleşip, umumy meýdany 18918.9 km2 tutýar. Ol öň “Türkmennebit” döwlet konserniniň esasynda Guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar kärhasy bolup 1997-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-ne döredildi. Ol ilkinji gezek Türkmenistanyň edaralary döwlet tarapyndan bellige alyş gullugy tarapyndan 05.06.1998-nji ýylyň №13401590 sanaw belgisi bilen “Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar kärhanasy” ady bilen hasaba alyndy.
Müdirlik „Türkmennebit“ döwlet konserniniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-ne 171-iş belgili buýrugy esasynda „Nebitgazdüýpliabatlaýyş“ trestiniň garamagyna geçirildi.
Müdirligiň esasy iş görnüşleri aşakdakylardan ybarat bolup durýar:
- Önümçilikde ýöriteleşdirilen tehnikalar, traktorlar (çekijiler), awtokranlar, sement çekijiler, ýangyç daşaýjylar, göteriji enjamlar, we ýokary hilli ulag hyzmatlaryny, tebigy nebiti we gazy gazyp almak maksady bilen bagly beýleki hyzmatlary, abatlaýyş ugrunda täze progressiw tehnologiýalary, awtomatizasiýa serişdelerini ornaşdyrmak:
- Zähmet resurslarynyň ullanyşyny oňatlaşdyrmak, işi guramaçylykly gurnamak, şonuň esasynda kollektiwiniň şahsy durmuş ýagdaýyny ösdürmekligi gazanmaklyk hem-de edilýän işleriň hilini we girdeýjiligini ýokarlandyrmak maksady bilen işleri amala aşyrýar.
Müdirlikde 6 (alty) sany ulaghanalar bolup, olaryň ýerleşişi Barsagelmez şahamçasy, Gumdag şäherçesi, Goturdepe şahamçasy, Esenguly etrabynyň Gamyşlyja şäherçesi we Balkanabat şäherinde ýerleşýär. Müdirligiň göteriji enjamlary Nebit-gaz pudagynyň ösmegi bilen tehnikalar arkaly Nebit senagatynda zähmeti goramagyň dolandyrylyşynyň ýeke-täk ulgamy boýunça tehniki howpsuzlyk düzgünlerini, ulag serişdeleriniň ýol hereket howpsuzlygyny hem berjaý edýär.
Müdirlik öz işini içeri hojalyk hasaplaşyk başlangyçlarynda, kanunçylyk tarapyndan bellenilen hukuklaryň, şeýle hem “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” tresti tarapyndan berlen hukuklaryň çäklerinde alyp barýar. Ähli ösüşler we önümçilige degişli öňdebaryjy tehnikany ornaşdyrmak, progressiw usullar, ýokary täsirli çeşmeleri goraýan galyndysyz tehnologiýalar esasynda Nebit we Gaz guýularyny düýpli abatlamak üçin ýörite tehnikalar bilen üpjün edýär.
Müdirligi dolandyrmak onuň Düzgünamasy we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Müdirlik dolandyryş guramanyň düzümini we ony saklamak üçin çykdajyny “Türkmennebit” Döwlet konsernini bilen ylalaşyp belleýär.
Döwrüň we önümçiligiň talaplaryna görä täze tehnikalary we enjamlary ornaşdyrmaklyga uly üns berilýär.