Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan gaz saklaýan ýerasty desgany gurmak üçin potratçy saýlaýar
26.04.2024

Türkmenistan gaz saklamak üçin ýerasty desganyň gurluşygy üçin halkara bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Fransiýanyň Pariž şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2024) açylyş dabarasynda mälim etdi.

Maksat Babaýew gaz saklamak üçin şeýle desgasynyň döredilmeginiň eksportyň durnuklylygyny üpjün edip, tebigy gazyň öndürilişinde we sarp edilişinde möwsümleýin üýtgemeleri deňagramlaşdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow hem çykyş edip, ol häzirki wagtda Türkmenistanyň energiýa çeşmelerine islegiň artýandygyny aýtdy.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Türkmenistan iri ykdysady meseleleri durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny we ösen tehnologiýalary işjeň çekýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny tamamlamak, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýerleri özleşdirmek we iri önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek möhüm taslamalaryň biri bolup durýar.

Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ýurduň uglewodorod baýlyklary 20 milliard tonnadan gowrak nebitiň we 50 trillion kub metr tebigy gazyň mukdaryny öz içine alýan 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine deňdir. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny iň köp sarp ediji ýurt Hytaý bolup durýar.