Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Azerbaýjan türkmen tebigy gazynyň satyn alynýan möçberini artdyrýar
26.04.2024

Azerbaýjan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Eýranyň üsti bilen swop (alyş-çalyş) amallarynyň çäklerinde Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberlerini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 göterim artdyrdy diýip, ABC.AZ agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistandan alynýan tebigy gaz swop ibermeleriniň möçberi 208,87 mln kub metre barabar bolupdyr.

Habara laýyklykda, 2023-nji ýylda Azerbaýjan Türkmenistandan 1,5 mlrd kub metr tebigy gaz satyn aldy.

Häzirki wagtda Azerbaýjan Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjanyň arasynda gaz alyşmak hakynda üçtaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, türkmen tebigy gazyny import edýär.