Parižde badalga alan forumyň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi 24-nji aprelde forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.
Bu ulgamlar nebiti we gazy çykarmak, ibermek we gaýtadan işlemek, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini işläp düzmek, uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri bilen baglydyr.
Begliýewiň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan halkara maýadarlaryna gury ýerde dünýäde iri gaz käni bolan “Galkynyş” gaz känini, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geljegi uly bloklary işläp taýýarlamak we gün we ýel energetikasyny ösdürmek, ählumumy bazarlara ygtybarly, durnukly, ekologiýa taýdan arassa energiýany ibermek boýunça taslamary hödürleýär.
Türkmenistanda milli ösüş maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtlarda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşçisi belledi.
Şolaryň hatarynda: “Galkynyş” käniniň nobatdaky tapgyrlaryny işläp taýýarlamak; Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarly bloklary özleşdirmäge gatnaşmak; öndürijilikli plastlaryň nebit berijiliginiň artdyrmak boýunça maýa goýum taslamalary; nebit we gazhimiýa; ýerasty gaz ammarlaryny gurmak; “açary gowşurmak şerti bilen” iri senagat desgalaryny gurmak bar.
Bu taslamalara gatnaşmak üçin mümkin bolan hyzmatdaşlara özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe görnüşleri teklip edilýär diýip, Begliýew belleýär. Ýagny, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň hereket edýän kanunyna laýyklykda, serwis şertnamalary, çykarýan, gaýtadan işleýän, gurýan nebit, gaz we himiýa senagaty boýunça işleriň aýry görnüşleri boýunça serwis şertnamalary, gaz turbinalary, kompressor we sorujy enjamlar ýaly, nebitgaz enjamlaryna ideg etmek we abatlamak boýunça bilelikdäki serwis kompaniýalaryny döretmek.
- Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji bolmagynyň esasy şertleriniň hatarynda – ýurtdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý bolup durýar, şeýle hem kanunçylyk binýat we döwlet kepilli hereket edýär diýip, Begliýew nygtady.
Ol şu gezekki halkara forumyň türkmen we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge ýardam etjekdigini we ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde oňat meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.