Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Haýyr-sahawat gaznasynyň mobil goşundysy döredildi
23.04.2024

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky «Senagat töleg» mobil goşundysyna raýatlaryň haýyr-sahawatlaryny nagt däl görnüşinde töleg etmekleri üçin täze onlaýn hyzmaty ornaşdyrdy.

Türkmenistanyň raýatlary täze hyzmaty peýdalanmak bilen, sadaka bermek üçin indi adaty bank kartlaryny ulanyp bilerler.

Täze hyzmat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna has elýeterli we amatly görnüşde haýyr-sahawat goşantlary goşmak isleýänleriň işini ep-esli ýeňilleşdirer.

Tölegler Türkmenistanyň «Senagat» PT bankyň we beýleki bank kartlaryndan kabul edilýär. Müşderiler täze hyzmaty peýdalanmak bilen jübi telefony arkaly oturan ýerlerinde öz hasaplaryndaky serişdeleri göni gaznanyň hasabyna geçirip bilerler.

Bu hyzmat sanly bank hyzmatlaryny kämilleşdirmekde we haýyr-sahawat işlerini ösdürmekde ähmiýetlidir.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän bu gazna döredilen gününden bäri netijeli işleri alyp barýar. Onuň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlar hakyndaky aladadyr.