Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Pariždäki forumyň başlanmagyna bir gün galdy
23.04.2024

Ertir, 24-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF — 2024) öz işine başlar. TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Turkmen Forum» we «GaffneyCline» kompaniýalary hyzmatdaşlykda çykyş eder.

Pariž forumynyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

Forumda nebitiň we gazyň öndürilmegi, daşalmagy we gaýtadan işlenilmegi, gaýtadan dikeldip bolýan energetikany ösdürmek we energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek barada halkara gepleşikleri ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşykly özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine Türkmenistanyň milli guramalary we ministrlikleri gatnaşar. «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, NAPECO, TAPI «Pipeline Company Limited», «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty geljekki maýadarlara täze maýa goýum taslamalary barada ygtybarly we giňişleýin maglumat bererler.

24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek forumyň çäklerinde uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda metan zyňyndylaryny we ugurdaş gazy azaltmagyň netijeli çözgütleri ara alnyp maslahatlaşylar.

TEIF — 2024-de «Uglewodorodlar çykarylanda metan we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak» temasy boýunça panelleýin diskussiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de BMG-niň öňdebaryjy bilermenleri, OPEK-niň, HEA-nyň we halkara kompaniýalarynyň wekilleri öz garaýyşlaryny beýan ederler.

Ýokary wezipeli çykyş etjekleriň hatarynda OPEK-niň baş sekretary Haýtam al-Gaýs, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň ÝYK-nyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, Halkara gaz bileleşiginiň prezidenti Li Ýalan, şeýle hem birnäçe öňdebaryjy energetika, gurluşyk, ulag we maliýe kompaniýalarynyň wekilleri bar.

TEIF — 2024-iň çäklerinde türkmen kompaniýalarynyň hem-de daşary ýurtly maýadarlaryň işewür duşuşyklary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna göni maýa goýumlaryny çekmek boýunça mümkinçilikleri mundan beýläk hem giňeltmäge ýardam eder.

Şeýle hem Parižde geçiriljek halkara forumyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe medeni çäreler geçiriler.

Çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy we Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekilligi bilelikde çykyş eder.