Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri makullady
22.04.2024

19-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan degişli desgalaryň durkuny täzelemek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu desgalar üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi olaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler beýan edildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de ony halkara bazarlara ygtybarly ibermäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga we ýüklemäge niýetlenen desgalary döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy we beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.