Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmennebit» birža söwdalaşyklarynda önümleriň ýene birnäçe görnüşini satdy
22.04.2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy we binýatlyk ýagy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty, guradylan buýan köki, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümler, nah mata we nah ýüplük, arassalanan nah galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 997 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, el halylary satyn aldylar.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"