Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris
22.04.2024

Aleksandr MÝASNIKOW,
A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki uniwersitetiniň talyby:

- Men Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyna gatnaşýandygyma diýseň buýsanýaryn. Biz Aşgabadyň täsin hem-de dünýäde iň bir owadan şäherleriň biridigine ýene bir gezek göz ýetirdik. Uçaryň guşuçar belentliginden açylýan şäheriň gözelligini söz bilen beýan etmek kyn. Türkmenistan özüniň innowasion ösüşi, ak mermerli gözel paýtagty, dynç alyş zolaklary, beýik binalary, taryhy ýadygärlikleri, bagy-bossanlygy bilen her bir ynsanyň göwnüni göterýär we ruhuny galkyndyrýar. Bu olimpiada talyp ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we olaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň dost-doganlygyny has hem berkidýär.

Şeýle ýokary guramaçylykdaky çäreleri guramaga we gatnaşmaga döredip beren mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygymy bildirýärin.

Ilýa MALOW,
A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki uniwersitetiniň talyby:

­- Türkmenistana birinji gezek gelip gördüm. Aşgabadyň howasy, tämizligi we gözelligi, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, açyk göwünliligi, şeýle hem ýaşlaryň bilime, ylma höwesekligi mende örän ýakymly täsirleri galdyrdy. Men Türkmenistan we onuň gözel paýtagty Aşgabat barada kän maglumatlary bilýärin. Muňa garamazdan, bu ajaýyplygy öz gözüň bilen görmek, duýmak düýbünden başga-ça bolýan eken. Türkmen ýaşlarynyň medeniýeti, dost-doganlyga ygrarlylygy, giň düşünjeliligi, mynasyp gylyk-häsiýetleri, bilim-ylym derejeleri öwgi sözleriniň ählisine-de mynasypdyr.

  Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyna gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýärin. Şeýle guramaçylykly çäreleri geçirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlygymyzy bildirýäris.