Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň DIM-inde TRACECA ulag taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
20.04.2024

17-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ýewropa, Gara we Hazar deňizleri, Kawkaz we Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag baglanyşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulandygy bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.