Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Parižde maýa goýum forumynyň çäklerinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçiriler
18.04.2024

24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň (TEIF-2024) çäklerinde beýik türkmen şahyry, pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe medeni çäreler geçiriler.

Çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy we Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekilligi bilen bilelikde çykyş eder.

Hususan-da, 24-nji aprelde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler. Konsert maksatnamasyna milli küştdepdi tansy we bagşy-sazandalary çykyşlary girer. Bu çäre Magtymguly Pyragynyň mirasyny dabaralandyrar, şeýle hem foruma gatnaşyjylaryň arasynda pikir alyşmak üçin oňyn meýdança bolar. Çäre Türkmenistanyň medeni mirasynyň açyp görkezmäge we halkara gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 22-26-njy aprelde beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi hereket eder.

TEIF-2024-iň guramaçylary bolup “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleri “Turkmen Forum” we GaffneyCline kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş eder. Eýýäm 200-den gowrak wekil foruma gatnaşmak üçin bellige alyndy.

TEIF-2024 Türkmenistanyň energetika toplumynyň ösüşiniň strategiýasyny emele getirmek üçin oňyn meýdança bolar. Şengen wizasyny talap etmeýän wekiller üçin hasaba aldyrmagyň soňky senesi – 19-njy aprel, onlaýn gatnaşmak üçin – 20-nji aprel.