Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda DÝHG agza döwletleriň wekilleri demir ýol daşamalaryny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini maslahatlaşýar
18.04.2024

15-nji aprelde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. Wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

Foruma gatnaşyjylar demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde yzygiderli iş alyp barmaga hem-de DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak arkaly ynanyşmagy pugtalandyrmaga meýillidiklerini bellediler.

Forumyň köp sanly wekiliýet agzalary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny diňlediler. Gutlagda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygyna üns çekilýär.

“Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Mejlisiň gün tertibine guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine garamak, ýakyn ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak ýaly meseleler girizildi.

Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Çykyşlarda forumyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna esasy agza döwletleriň biri hem-de Ýewropadan Aziýa ýük daşamakda möhüm strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga hem-de ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygy M.Antonowiç DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň gadymy döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunda möhüm geçelge bolup hyzmat eden türkmen topragynda — Aşgabatda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi.

DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.