Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy
17.04.2024

Şu gün ýurdumyzyň Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler, saglygy goraýyş işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň işe girizilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady, halkyň abadançylygy we rowaçlygy baradaky alada bolsa ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesi esasynda durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň özenini düzýär.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitleri Garaşsyz Watanymyzyň iň esasy üstünlikleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär, pudagyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar we bar bolanlarynyň durky täzelenýär, olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Bularyň ählisi ilata ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge gönüden-göni ýardam berýär, giň ýaýran we seýrek duş gelýän keselleri irki döwürlerde anyklamaga hem-de netijeli bejermäge mümkinçilik döredýär.

Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işlerine jogapkärli çemeleşmek bilen, döwletimiz eneligi we çagalygy goramaga aýratyn ähmiýet berýär, saglygy dikeltmek we berkitmek, gadymy döwürlerden bäri bagtly gelejegiň eýeleri hasaplanýan çagalaryň kesellemeginiň öňüni almak üçin ähli şertler döredilýär.

Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ruhy sagdynlygyny kesgitleýär.

Şu günki Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy.

Bagtyýar çagalar we olaryň ene-atalary öz çykyşlarynda saglyklaryny dikeltmekleri hem-de şadyýan durmuşda doly derejeli ýaşamaklary babatda döredilen mümkinçilikler, şeýle hem döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine durmuşa geçirýän beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bu çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki wagtda howandarlyga mätäç çagalaryň özleri hakynda döwlet tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn aladalary duýmaklary üçin giň gerimli netijeli işleri alyp barýar.

Howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylary, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarynda terbiýelenilýän we okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň goldawlary hem-de tagallalary netijesinde, Gazna tarapyndan bu döwürde köp sanly haýyr-sahawat çäreleri geçirildi.

Türkmen halkyna mahsus bolan asylly ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkiýäniň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň, Ukrainanyň we Palestinanyň ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy.

2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi we olar häzirki wagtda halkymyza hyzmat edýärler.

Şeýle hem Mary welaýat Çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi.

Şu gün açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga hem-de ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.

Öňdebaryjy, innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze döwrebap lukmançylyk merkeziniň açylmagy durmuş maksatly döwlet syýasatynyň we saglygy goraýyş maksatnamalarynyň, hususan-da, 2021 – 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir.

Zenanlara lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen bina 200 näsag orundan ybarat bolup, çaga dogrulýan bölümi, göwrelileriň patologiýasy bölümini, ginekologiýa bölümini öz içine alýar.

Çagalar binasy 260 näsag üçin orundan ybaratdyr. Giň binada bäbekleriň patologiýasy bölümi, kiçi ýaşly çagalar bölümi, nefrologiýa bölümi, newrologiýa bölümi, mekdep ýaşly çagalar bölümi, rewmokardiologiýa bölümi ýerleşýär.

Her binanyň özüniň kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa we anesteziologiýa, reanimasiýa bölümleri bardyr. Bu bölümlerde ornaşdyrylan enjamlar näsaglara gerek bolan ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär.

Anyklaýyş-maslahat beriş bölüminde ultrases, kolposkopiýa barlagyny, rentgen-flurog rafiýa, elektrokardiografiýa we ehokardiografiýa, elektroensefalografiýa, fibrogastroskopiýa, kompýuter tomografiýa barlaglaryny geçirmeklige giň mümkinçilikler döredilip, enäniň we çaganyň bedenindäki kadany we üýtgeşmeleri tiz anyklamakda we takyk kesel kesgitlemesini goýmaklyga, döwrebap bejergi bellemeklige, ýatymlaýyn bejergä ugradylmaga, şeýle hem gatnawly şertlerde näsaglaryň bejergisiniň netijesine gözegçiligi amala aşyrmaklyga uly ýardam berýär.

Ulular üçin barokamera otagy hem bar. Mundan başga-da, bölümde fizioterapiýa we bejeriş bedenterbiýe otaglary bolup, bellenilýän goşmaça bejergiler öz oňyn täsirini berýär.

Barlaghana bölümi lukmançylyk barlaghana ulgamynyň dünýä belli ösen tehnologiýalaryny özünde jemleýän iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

Bu bölümde laborator barlaglarynyň ähli görnüşleri geçirilýär. Olar adamyň bedeniniň ýaşaýşy üçin örän möhüm agzalarynyň we ulgamlarynyň gurluş we funksional işjeňligini häsiýetlendirýär.

Barlaglar halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň esasy bölümleriniň biri hem dogrum bölümidir. 100 orunlyk bu bölüm ýöriteleşdirilen akuşerçilik kömegini bermek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 15 sany dogrum otaglaryndan ybaratdyr.

Merkeziň bölümleriniň bir we iki orunlyk näsag otaglary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň her birinde aýratyn hammam, işgärler çagyrmak üçin ulgam göz öňünde tutulandyr, şeýle hem olarda merkezleşdirilen kislorod üpjünçiligi çekilendir.

Hassahananyň düzüminde dolandyryş bölümi, ýygnaklary, maslahatlary hem-de onlaýn maslahatlary geçirmek üçin 120 we 100 orunlyk mejlisler zaly, näsaglar we işgärler üçin naharhana, döwrebap awtoduralga, kir ýuwujy we zyýansyzlandyryjy bölümler bar.

Merkezde welaýatyň maşgala lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň we beýleki hünärmenleriniň bilim derejelerini kämilleşdirmek üçin okuw merkezi döredilen.

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaranyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärleri we merkeziň lukmanlary ýaş nesil hakynda edýän atalyk aladalary hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan köpugurly işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri özleri hakynda edilýän aladalara jogap edip, geljekde hem Garaşsyz Watanymyzyň iň uly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak we berkitmek ugrunda güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrman zähmet çekerler.

Täze açylan merkeze ýörite awtoulag serişdeleri sowgat berildi. Bu merkez welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmatlarlary etmek bilen, ýurdumyzyň bagtly geljegini üpjün etmäge özüniň mynasyp goşandyny goşar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi