16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi işçi toparyň maslahatlarynyň geçirilmegi bilen dowam etdi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Ýörite taýýarlanan medeni maksatnama laýyklykda, çärä gatnaşyjylar üçin dürli gezelençler hem guraldy.
Işçi toparyň maslahatlarynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar DHÝG-niň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, maliýe we hasaplaşyk, kodlaşdyrmak we informatika baradaky hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, guramanyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak, demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga, ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak arkaly ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdiler.
Nobatdaky maslahat ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin hem amatly meýdança öwrüldi. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygy M.Antonowiç bilen geçiren duşuşygynda myhman öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň esasy iş ugurlary barada aýdyp, onuň işiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda halkara demir ýol we utgaşykly daşamalary ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdygyny nygtady. Şol wezipeleri ýerine ýetirmek DHÝG-niň Ulag syýasaty we ösüş strategiýasy; Ulag hukugy; Ýük daşamalar; Ýolagçy gatnatmalary; Infrastruktura we hereket ediş düzümi ýaly bäş sany komitetiniň alyp barýan işleri arkaly amala aşyrylýar. Duşuşykda Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine şu ýyl 30 ýyl dolandygyna üns çekilip, geçen döwürde ýurdumyzyň özüni jogapkärli, ygtybarly, ykdysady taýdan durnukly we halkara ähmiýetli täze başlangyçlary öňe sürüp, şol başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga ukyply hyzmatdaş hökmünde tanadandygy aýratyn bellenildi.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRAСECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary A.Asawbaýew bilen bolan duşuşykda hyzmatdaşlygyň çäklerinde multimodal üstaşyr geçelgeleri kämilleşdirmek üçin köp maksatlary özünde jemleýän sanly çözgütleri ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň Türkmenistanda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygy, ýurdumyzyň TRAСECA-nyň Aziýa — Ýewropa, Ýewropa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Şeýle hem “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow Estoniýa Respublikasynyň Demir ýollary edarasynyň geňeşiniň başlygy K.Zimmerman bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde we ikitaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki ýagdaýyna baha berlip, ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine garaldy.
Foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin Arkadag şäheri bilen tanyşlyk gezelenjiniň guralmagy has-da täsirli boldy. Şäher bilen tanşan myhmanlar adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydygyna göz ýetirdiler.
Myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem bolup, biri-birinden owadan, syratly türkmen ahalteke bedewlerini synladylar. Mejlise gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen hytaýly myhmanlar bolsa Türkmenistanyň halkara derejeli ulag düzümine degişli käbir desgalaryna baryp gördüler. Hytaý Halk Respublikasynyň Demir ýollary korporasiýasynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalary üçin ilki «Sarahs» demir ýol menzili bilen tanyşlyk guraldy. Mälim bolşy ýaly, bu demir ýol menzili pudakda Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan ilkinji desgalaryň biridir. Soňra hytaýly myhmanlar Balkan welaýatyna ugradylar. Bu ýerde olar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşlyk gezelenji guraldy. Ýeri gelende bellesek, portuň mümkinçilikleri örän uludyr. Bu ýerde halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda guralan işler hyzmatdaşlar bilen meýilleşdirilen degişli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini dowam edýär.
Çeşme: Türmenmetbugat