Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň başlygy: «Türkmenistan — Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük üpjünçilik zynjyrynyň diýseň möhüm halkasy»
16.04.2024

15-nji aprelde paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi başlandy.

Ähmiýetli foruma gatnaşmak üçin Watanymyza gelen Demir ýollary hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç mejlisiň işi hem-de Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri hakynda şeýle gürrüň berdi:

«Biz Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisini Aşgabatda gurandygymyza örän şat. Şu ýyl Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar.

Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Çünki Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň arasynda söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak möhümdir.

Men Türkmenistanyň bu ugra uly ähmiýet berýändigini tassyklamak isleýärin. Türkmenistanyň iň möhüm başlangyçlarynyň biri hem diňe demir ýol ulagyny däl, eýsem, ulagyň beýleki görnüşlerini hem ösdürmek bilen baglydyr. Çarşenbe güni bolsa biz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini açarys.

Türkmenistanyň ulag pudagynyň gelejeginiň diýseň uludygyny bellemek gerek. Bu döwlet — Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük üpjünçilik zynjyrynyň diýseň möhüm halkasy» — diýip, Miroslaw Antonowiç belledi.

Ýeri gelende bellesek, ulagyň bu görnüşiniň wajypdygyny nazara almak bilen, uzak aralyga iri möçberli ýükleri daşamak wezipesini ýerine ýetirýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini we yzygiderli ösdürilmegini esasy ugur edinýän döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşendigini nazara alyp, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen syýasatyna möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulgamy düzümleriniň sazlaşykly ösmegi we sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň wajyp ugruny özünde jemleýär. Ýurdumyz guramanyň binýadynda maglumat tehnologiýalaryny alyşmak, ylmy-tehniki we ekologik meseleler babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.

Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi