Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Ýyldyz» myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna (DÝHG) agza döwletleriň Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi öz işine başlady
15.04.2024

Biziň ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen ýangyç-energetika pudagynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýokary derejede gazanylýan ylalaşyklar boýunça nebithimiýa önümleri dürli ýurtlara eksport edilýär. Şunda hyzmatdaşlyga gatnaşýan ýurtlar ulag-logistika ulgamynda hem gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri hem yzygiderli öwrenýärler. Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda öz işine başlan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna (DÝHG) agza döwletleriň Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi muňa aýdyň mysal bolup biler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hem nygtalyşy ýaly, maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy we okuwlary guramak hem-de beýleki birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda sebit ähmiýetli halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýdyp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe halkara derejeli çäräni ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrypdy. Şol berlen tabşyryklardan ugur alnyp, şu gün Aşgabatda ýokary derejeli maslahata badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagyny ibermegi halkara mejlise gatnaşyjylar üçin aýratyn ýakymly ýagdaý boldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: «Uly ähmiýete eýe bolan bu mejlisiň geçýän günlerinde, ýagny şu ýylyň 16-njy aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň geçirilýändigini we onuň çäginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygynyň hem-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli mejlisiň geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek» diýmek bilen, bu halkara çäräniň işine ýokary baha berýär. Türkmenistan bu ugurda häzirki wagtda hem işjeň hereketleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen Demirgazyk ― Günorta, Günbatar ― Gündogar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi esaslandyrylan bolup görünýändir we ol Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip biljekdir». Hut şu maksat bilen hem halkara taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýändir. «Demirgazyk ― Günorta» ugry boýunça Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran demir ýolunyň ulanylyşa girizilmegini hem öz nobatynda munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda işläp başlan halkara mejlisiň gün tertibinde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň eýeleýän orny barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Çykyşda ýurdumyzyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak barada aýratyn nygtaldy. Bu halkara çäre ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk işlerine täze badalga berjek maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramany ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy we okuwlary guramak hem-de beýleki birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulgamy düzümleriniň sazlaşykly ösmegi we sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara ulag-üstaşyr ýükleri daşamagyň wajyp ugruny özünde jemleýär. Ýurdumyz guramanyň binýadynda maglumat tehnologiýalaryny alyşmak, ylmy-tehniki we ekologik meseleler babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Mundan başga-da, Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine onuň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara garalar. Halkara derejeli mejlis 19-njy aprele çenli dowam eder.