12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow ýurtda oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, "Türkmenhimiýa" döwlet konserni ýurduň oba hojalyk önüm öndürijilerini karbamid, fosfor, kaliý dökünleri hem-de ammiak selitrasy bilen üpjün edýär. Mineral dökünleri ammarlarda bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hasabatda Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze döwrebap ammarlary gurmagyň maksadalaýyk hasaplanylýandygy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.