24 ― 25-nji aprel günlerinde Fransiýanyň Pariž şäherindäki Hyatt Regency Etoile myhmanhanasynda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýagoýumlary çekmek boýunça halkara forumy (TEIF ― 2024) mowzuklaýyn mejlisleriň birnäçesini öz içine alar. Bu barada halkara çäräniň tanyşdyryş kitapçasynda maglumat berilýär.
Çeşmede görkezilişi ýaly, forumyň aýratyn mowzuklaýyn mejlisleri Hazar deňziniň deňiz bloklarynyň uglewodorod baýlyklaryny özleşdirmek üçin göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we ýetişen ýataklarda nebit-gazy gazyp almak işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýalar, uly «Galkynyş» ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryny işläp taýýarlamak, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere gönükdiriler.