Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerine isleg ýokarlandy
11.04.2024

9-njy aprelde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ukrayinanyň we Türkiýäniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konserninden suwuklandyrylan gaz we "B" kysymly karbamidy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürleri ýerli kärhanasyndan buýan kökli çaý içgisini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 184 812,50 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çyg mal biržasy