Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
11.04.2024

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dillerinde her üç aýdan bir gezek çap edilýän neşiriň täze sany täsirli makalalara juda baý.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toplumyň degişli edaralary, şol sanda «Türkmennebit», «Türkmengaz» we «Türkmengeologiýa» döwlet konsernleri tarapyndan ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryny gözläp, tapyp, olaryň iň döwrebap mümkinçilikler bilen alyp, dünýä bazaryna çykarmak boýunça baý tejribe toplanyldy. Şol tejribe häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň güýji bilen has baýlaşdyrylýar. Muňa neşiriň täze sanyndaky makalalary okap, has anyk göz ýetirmek mümkin.

Neşiriň täze sanyndaky makalalarda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyry, nebitgaz känlerinde gözleg geçirmekde antiklinal däl duzlaryň ähmiýeti, gönükdirilen guýulary üstünlikli burawlamak üçin buraw erginleri, suwlanýan gaz guýularynyň suwçäklendirme işleriniň aýratynlyklary we beýleki meseleler bilen bagly pikirler ýöredilýär. Makalalaryň her birini üç dilde okap bilersiňiz.

Žurnalyň täze sanyny şu salgydan ýükläp bolar.