Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Wagyz-nesihat duşuşygynda
09.04.2024

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň we beýleki ulgamlaryň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, bilim işgärleri gatnaşdy. Bu çäre Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyrdy.

Çykyşlara giň orun berlen çärede Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmuna ýugrulan döredijiliginde agzybirlik, halallyk, ýagşylyk, watansöýüjilik ýaly ýagşy häsiýetleriň eriş-argaç bolup geçýändigi, şeýle-de akyldaryň goşgularynyň asyllylyk, sadalyk, bir-biregiň gadyryny bilmek, hormat goýmak bilen bagly öwüt-ündewleriniň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup durýandygy, ol dürdäne şygyrlaryň türkmen halkynyň, tutuş adamzadyň mirasydygy buýsanç bilen bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyryň arzuw eden zamanasy geldi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň hatarynda mynasyp orny eýeläp, halkara derejesinde beýik ykrarnama eýe boldy. 

Bular dogrusynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Arazow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory Jennet Arazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni Gyzylgül Muhammedowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Ata Ataýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Aman Hojalyýew dagy öz çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler.