Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Täjigistana berilýän nebitiň mukdaryny artdyrmaga taýýar
05.04.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Duşuşykda ýurtlarymyzyň Täjigistana nebit önümlerini ibermek ulgamynda gatnaşyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary dowam edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi